MTV EMA 2024 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: Teýlor Swift, Eminem, Imagine Dragons we beýlekiler

  • 11.11.2024 16:30
  • 7.1k+

10-njy noýabrdan 11-nji noýabra geçilen gije Beýik Britaniýanyň Mançester şäherinde MTV Europe Music Awards 2024 (MTV EMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Agşamyň iň köp baýrak alan ýyldyzy amerikaly aýdymçy Teýlor Swift boldy. Ol ýedi nominasiýadan dört baýrak alyp, baýragyň täze rekordyny goýdy diýip, People žurnaly habar berýär.
Dabarany eýýäm üçünji gezek Rota Ora alyp bardy, bu hem dabara üçin rekord boldy.
Agşamyň esasy wakalarynyň biri dünýäniň aýdym-saz pudagyna goşan goşandy üçin repçi Busta Rhymes-e Global Icon Award baýragynyň gowşurylmagy boldy. Pet Shop Boys topary “Pop aýdym-sazynyň pionerleri” baýragyny aldy.

MTV EMA 2024 baýragynyň ýeňijileri:

  • ·Iň gowy aýdym: Sabrina Karpenter – “Espresso”
  • ·Iň gowy klip: Teýlor Swift ft. Post Malone – “Fortnight”
  • ·Iň gowy ýerine ýetiriji: Teýlor Swift
  • ·Iň gowy hyzmatdaşlyk: LISA ft. Rosalia – “NEW WOMAN”
  • ·Iň gowy pop ýerine ýetirijisi: Ariana Grande
  • ·Afrobit žanrynda iň gowy ýerine ýetiriji: Tyla
  • ·Iň gowy rok-artist: Liam Gallaher
  • ·Iň gowy latyn ýerine ýetirijisi: Peso Pluma
  • ·Iň gowy K-POP ýerine ýetirijisi: Jimin
  • ·Iň gowy alternatiw ýerine ýetiriji: Imagine Dragons
  • ·Iň gowy elektron ýerine ýetiriji: Calvin Harris
  • ·Iň gowy HIP-HOP ýerine ýetirijisi: Eminem
  • ·Iň gowy janly çykyş: Teýlor Swift
  • ·Iň uly muşdaklar: LISA
  • ·ABŞ-dan iň gowy ýerine ýetiriji: Teýlor Swift
şu gün 20:14
1k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 20:02
417

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

şu gün 19:56
2k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

şu gün 19:53
512

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......