Honda Accord 2025-iň dizaýnynyň täze jikme-jiklikleri aýan edildi

  • 11.11.2024 15:22
  • 4.5k+

Hytaýyň Senagat ministrligi 2025-nji ýylyň Honda Accord-ynyň täze keşbini açýan suratlary çap etdi diýip, Autohome habar berýär.

Iň göze ilýän aýratynlyk - radiatoryň formasy üýtgedilen hrom gözenegi, ol häzirki gara görnüşiniň ornuny tutdy. Emma yzy görkezýän aýnalar, tersine, ýalpyldawuk gara reňk bezegini aldy.
Mundan başga-da, yzky bamperiň aşaky böleginde ýalpyldawuk gara bezeg peýda boldy.
Daşky görnüşine girizilen ownuk üýtgeşmeler sedanyň ululygyna täsir etdi. Täze Honda Accord-yň uzynlygy 4990 mm bolar, bu häzirki modelden 10 mm uzyn diýildigidir. Ulagyň gabarasynyň doly ölçegi 4990 x 1862 x 1449 mm, teker bazasy - 2830 mm.
Kapotyň aşagynda hiç hili üýtgeşiklik bolmaz diýip garaşylýar: 2025-nji ýylyň Honda Accord-y CVT bilen jübütlenen 192 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen üpjün ediler.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......