Ai-Da robotynyň çeken Týuringiň portreti auksionda 1 mln dollara satyldy

  • 10.11.2024 23:32
  • 5.5k+

Suratkeş robot Ai-Da tarapyndan çekilen iňlis matematigi we kriptografy Alan Týuringiň portreti Sotheby’s auksionynda 1 mln dollardan gowrak baha satyldy. Ilkibaşda onuň bahasynyň, takmynan, 180 000 dollar bolmagyna garaşylypdy diýip, PCMag habar berýär.

“AI God” adyny alan eser 27 teklibi özüne çekip, ahyrynda haýran galdyryjy mukdara ýetdi.
Belläp geçsek, Týuring emeli aňyň ilkinji konseptual esasyny dörediji hasaplanýar. Şonuň üçin bu iş bilen “Ai-Da diňe bir onuň mirasyna hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem sungatda we EA pudagynda-da tehnologiýanyň adam kesgitlemesine, döredijiligine we işine has giň täsirini görkezýär” – diýlip, auksion öýüniň habarynda aýdylýar.
Ai-Da – bu gumanoid robot. Ol öz adyny iňlis matematigi we dünýäde ilkinji programmist Ada Lawleýsiň hormatyna aldy. Robot kameralar, robotlaşdyrylan eller we sungat eserini döretmäge mümkinçilik berýän çylşyrymly algoritmler bilen enjamlaşdyryldy.

“Meniň sungatym adam bilen maşynyň arasyndaky gatnaşyklar barada pikirlenmäge oýarýar” – diýip, robot öz döredijiligine teswir berýär.

Roboty işläp düzüji galereýa işiniň guramaçysy Eýdan Meller alnan serişdeleri Ai-Da taslamasyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirjekdigini aýtdy.

“Biziň Ai-Da üçin birnäçe innowasion pikirlerimiz bar, olar indiki ýyl peýda bolar, ähli gazanylan pullary bolsa biz ýene taslama siňdirýäris” – diýip, ol aýtdy.

Miller Ai-Da robotyny Engineered Arts kompaniýasy we Beýik Britaniýanyň Lids uniwersitetiniň topary bilen hyzmatdaşlykda döretdi.
Roboty işläp düzüjiler onuň her bir işiniň özboluşlydygyny we haýran galdyryjydygyny belleýärler. Eýýäm bar bolan suratlaryň esasynda eser döredýän algoritmlerden tapawutlylykda, Ai-Da suratlary awtonom gurnalan serişdeleriň kömegi bilen döredýär. Şeýlelikde, ol DALL-E ýa-da Midjourney ýaly ulgamlardan tapawutlanýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......