35 ýyldan soň “internetdäki iň syrly aýdymyň” syry çözüldi

  • 10.11.2024 11:09
  • 10k+

35 ýyldan soň “internetdäki iň syrly aýdym” diýen at alan kompozisiýanyň awtorlaryny tapmak başartdy.

Bu waka gözbaşyny 1989-njy ýyldan alyp gaýdýar. Germaniýanyň Darius atly ýaşaýjysy NDR radio ýaýlymyndan “Ýaşlar üçin aýdym” atly treki kasseta ýazdyryp  alýar. Soň bolsa, internet döwründe ýazgyny sanlylaşdyrdy we ony internetde goýdy. Rolling Stone žurnalynyň berýän maglumatlaryna görä, aýdym ilkinji gezek 2007-nji ýylda tomaşaçylar köpçüligine mälim boldy. Şondan bäri bu “Täze tolkunyň gimni” gaty depgini, gurak monoton wokaly we synti-pop sesi bilen diňleýjileri özüne çekdi, ýöne kompozisiýanyň adynam, ýerine ýetirijilerinem hiç kim bilmeýärdi.
Soňky 17 ýylda aýdym-saz söýüjiler we onlaýn detektiwler, Reddit-iň bir ulanyjysy ýumagyň ujuny tapandygyny mälim edýänçä, awtorlygyny kesgitlemek üçin şowsuz synanyşyklary etdiler.
Metbugat arhiwini barlaýarka ol 1984-nji ýylda çykan bir makala duş geldi. Onda Bremendäki zehin bäsleşiginde ýeňiji bolan Fex topary barada gürrüň berilýärdi. Toparyň aýdym-sazy nýu-weýwa (post-pank) we pop sesleri bolan rok hökmünde suratlandyrylýardy.
Barlagçy goşmaça gözleglerden soň, toparyň agzalarynyň biriniň kontaktlaryny tapdy we onuň bilen habarlaşdy. Sazanda köne ýazgylary iberdi, olaryň arasynda “Subways of Your Mind” atly trek – şol gürrüňi edilýän hit hem bar eken.
Sazanda aýdymynyň 17 ýyl bäri internetde meşhur bolandygyny eşidip, gaty geň galdy. Üstünlikden ylham alan Fex topary, hatda birleşip, şol bir NDR radio stansiýasyna ýygnanyşdy we aýdymyň häzirki zaman akustiki görnüşini hödürledi, şeýle hem 80-nji ýyllaryň sesini gorap saklaýan arhiw ýazgylaryny ýüklemegi wada berdi.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......