Arheologlar Meksikada üstünden 2000 ýyl geçen uly obserwatoriýany tapdylar

  • 09.11.2024 17:48
  • 6.5k+

Meksikada Milli Antropologiýa we taryh institutynyň (INAH) arheologlary Puebla ştatynyň Tetelihtik şäherinde gadymy astronomiýa toplumyny tapdylar. Takmynan, 30 müň inedördül metr meýdany eýeleýän obserwatoriýa ýerli ýaşaýjylara ýyldyzlary öwrenmek arkaly möhüm oba hojalyk möwsümlerini yzarlamaga kömek etdi diýip, Heritage Daily habar berýär.

Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri 2014-nji ýylda başlandy, şu geçen on ýyldan gowrak wagt bäri alymlar köp açyşlary etdiler.

"Ähli toplumlar esasy belliklere gabat gelip, asman jisimleriniň ýagdaýyna laýyklykda gurlupdyr" diýip, INAH-nyň wekilleri belleýärler. Barlagyň netijesine görä, "Gurluş 1" diýlip atlandyrylýan toplumyň iň uly bölegi günorta ýarym şaryň parlak ýyldyzlaryndan biri bolan Kanopusyň fewral aýynda peýda bolandygyny görkezdi. Gadymy medeniýetleriň köpüsi bu ýyldyzy keramatlaşdyrypdyrlar. Gözlegçileriň düşündirişi ýaly, Kanopus Mezoamerikan senenamasynyň başlangyjy üçin salgylanma nokady bolup hyzmat etdi.

Golaýda tapylan "Gurluş 2" bölümi Günüň hereketini synlamak üçin niýetlenipdir.
Mundan başga-da, gazuw-agtaryş işleri Tetelihtikiň Totonak siwilizasiýasynyň dörän medeni merkezi bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
INAH-yň metbugat beýanatynda "Toplumyň binagärlik stili, ilkinji ýaşaýjylarynyň Totonaklaryň ata-babalary hökmünde gelip çykyşyny görkezýän Huasteca sebiti bilen arabaglanyşygy görkezýär" diýip aýdylýar. Totonaklar soňra El Tajin, Ýoualiçan, Nepatekutlan, Las Igueras, Nopiloa we Zapotal ýaly beýleki sebitlerde şäherleri döredipdirler, ýöne Tetelihtik olaryň başlangyç nokady bolup biler.


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....