Toyota we Joby Aviation uçýan taksini hödürlediler

  • 08.11.2024 10:05
  • 4.9k+

Sidzuoka (Ýaponiýa) Toyota barlag merkezinde eVTOL (Electric Vertical Takeoff and Landing) uçýan taksiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Japannews-iň bellemegine görä, Aerotaksi Amerikanyň Joby Aviation kompaniýasy tarapyndan Toyota-nyň goldawy bilen işlenip düzüldi.

Prototip sagatda 320 km tizlige ýetmäge ukyply. Awtoulag ilkinji gezek köpçülige hödürlendi.
Toyota bu taslama diňe bir maýa goýujy hökmünde däl-de, eýsem, 500 million dollar maýa goýup, sertifikatlaşdyryş proseduralaryna we tiz wagtda täjirçilik önümçiliginiň başlanmagyna kömek etdi.
Joby Aviation awiakompaniýalara tehnikanyň adaty satylyşyndan tapawutlylykda, model boýunça, Uber-i ýada salýan, öz hyzmat toruny döreder diýlip garaşylýar.
2025-nji ýyla çenli Joby Aviation ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Daýton şäherinde howa taksi hyzmatlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Hünärmenler ABŞ-da şeýle ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem şuňa meňzeş hyzmatlaryň çalt ösmegine itergi berip biljekdigini bellediler.


düýn 14:05
4.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.8k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......