Amerikalylar Toyota-ny saýlaýarlar: ABŞ-da eýeleri haýsy ulaga wepalylygyny saklaýar

  • 07.11.2024 21:05
  • 11k+

iSeeCars portalynyň hünärmenleri ABŞ-da awtoulag eýeleriniň, köplenç, haýsy modeller bilen seýrek hoşlaşlaýdygyny anyklamak üçin barlag geçirdiler.

1981-2009-njy ýyllar aralygynda goýberilen, 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda gaýtadan satylan  929 000 ulagyň  maglumatlaryny öz içine alýan seljerme Toyota-nyň modelleriniň, beýleki modellere garanda, has uzak wagtlap asyl eýeleriniň elinde galýandygyny görkezdi. Ulag eýeleri, köplenç, bu markanyň awtoulaglaryny 15 ýyl we ondanam köp ulanýarlar.
Iň uzak ulanylýan bäş modeliň sanawyna Toyota Highlander-iň we Camry-niň gibrid görnüşleri, şeýle hem benzin bilen işleýän Highlander, Tacoma we Prius girdi.
Onuň yzyndan çydamlylyk boýunça sanawda Honda CR-V, Ford Escape Hybrid, Toyota RAV4, Lexus IS 350, Nissan Versa, Toyota Tundra, Honda Ridgeline we Subaru Forester durýar.
Brendleriň reýtinginde amerikalylar Toyota, Honda, Lexus-a, Mazda, Hyundai-ýa we Subaru-a has-da wepaly bolup galýarlar.
Iň gowy görülýän 10 krossoweriň sanawynda ýapon modelleri birbada 9 orny eýeledi. Olar - Toyota Highlander (gibrid we ýangyç görnüşleri), Honda CR-V, Ford Escape Hybrid, Toyota RAV4, Subaru Forester, Toyota Venza, Honda Pilot, Toyota 4Runner we Toyota Sequoia.


düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......