Täze multimediýa hyzmatlary Kia-ny duralga ýerleşdirmegi aňsatlaşdyrar

  • 07.11.2024 14:04
  • 6.6k+

Uly şäherlerde, esasanam, Ýewropada we ABŞ-da sürüjiler awtoulag duralgasyndan boş ýer tapmakda kynçylyk çekýärler. Bu elektrik ulagynyň eýelerini kyn ýagdaýda goýýar, olaryň 49%-i ulagyny zarýada goýýarka nädogry ýerde durup jerime alýar.

Kia awtoulag öndürijisi bu meseläni çözjek täze CarPay ulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi diýip, 32Cars.ru habar berýär.
Hyzmat sürüjilere ulagynda oturan ýerinden awtoulag duralgasy we beýleki hyzmatlar üçin töleg geçirmegi teklip edýär. CarPay awtoulagyň nawigasiýa ulgamy bilen birleşip, sürüjileriň awtoulag duralgasyny tapmagyny we töleg geçirmegini aňsatlaşdyrýar.
Awtoulag duralgasyny gözlemek we tölemek üçin hyzmat edýän Parkopedia kompaniýanyň ilkinji hyzmatdaşy boldy. Ol Ýewropanyň 19 ýurdunda 1,7 milliondan gowrak awtoulag duralgasyny öz içine alýar we ýapyk awtoulag duralgasyna çenli giňelmegi meýilleşdirýär.
CarPay-a birikmegiň netijesinde sürüjiler diňe bir nawigasiýa ekrany arkaly awtoulag duralgasyndan boş ýer tapmak bilen çäklenmän, eýsem, parkomatlary gözlemek ýa-da programmalary gurmak zerurlygyny aradan aýryp, öňünden saklanan töleg kartoçkasy arkaly ygtybarly töleg edip bilerler.
Täze ulgam, EV3-den başlap, geljekki Kia modelleriniň hemmesinde elýeterli bolar.


09.05.2026 12:43
3.4k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....