ZTE "Nubia Z70 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi. Ykjam fotosuratda - täze standartlar

  • 06.11.2024 18:44
  • 7.8k+

ZTE kompaniýasynyň prezidenti Ni Feý ýakyn wagtda çykjak Nubia Z70 Ultra smartfonynyň kamerasyndan düşürilen suratlary çap etdi. Täze model 35 mm esasy kamerany we ösen telefotoobýektiwi öz içine alýan innowasiýa kamera ulgamynyň kömegi bilen ykjam surata düşürmegiň ýokary standartlaryny ýola goýmagy wada berýär diýip, Notebookcheck.net ýazýar.

Diafragmanyň diapazony baradaky maglumatlar entek tassyklanmadyk hem bolsa, şekiller kameranyň f/4.0-de işläp biljekdigini görkezýär. Mundan başga-da, Ni Feý Weibo-da kameranyň dürli diafragma ölçeglerindäki mümkinçiliklerini görkezýän wideony çap etdi.
Esasy kameradan başga-da, Nubia Z70 Ultra -da täze telefoto tehnologiýasy bolar, ol ýokary takyklykda uly formatdaky suratlary almaga mümkinçilik berer.
ZTE häzirlikçe telefonyň obýektiwiniň ulaldyşynyň takyk häsiýetnamasyny we foksunyň aralygynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmese-de, çap edilen şekiller sanly ulaltmalarda köplenç duş gelýän ýokary hili we artefaktsyz jikme-jiklikleri görkezýär.
Nubia Z70 Ultra Snapdragon 8 Elite çipine esaslanýan ilkinji smartfonlaryň biri bolar.

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......