Metal aýdym-saz žanrlarynyň arasynda iň intellektual žanr boldy

  • 06.11.2024 16:11
  • 1.7k+

Kanadanyň Prodigy Education kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen aýdymlaryň söz baýlygyny we emosional öwüşginini seljerdi. Ylmy gözlegiň dowamynda hünärmenler Billboard çartynda görkezilen häzirki döwrüň iň gowy ýerine ýetirijileriniň we geçen onýyllyklaryň meşhur sazandalarynyň aýdymlaryna ýüzlendi diýip, naked-science.ru ýazýar.

Ylmy gözlege rok, pop, kantri, R’n’B we rep ýaly 15 aýdym-saz žanrynyň her birinden 10 aýdym goşuldy.
Netijede, iň intellektual žanr diýlip metal saýlandy, ýöne şol bir wagtyň özünde-de onuň tekstleri şähdaçyklyk taýdan iň ýaramazy boldy.
Tekstleriniň leksik baýlygy boýunça öňdebaryjylar 52% görkeziji bilen Britaniýanyň Black Sabbath we Pink Floyd toparlary boldy.
Şeýle-de, ilkinji onluga amerikan metal toparlary Slayer we Megadeth, islandiýa-hytaýly jaz ýerine ýetirijisi Laufey, amerikaly aýdymçy Brýus Springstin, kantri aýdymçysy Taýler Çaýlders, rok topary Eagles, meşhur sazandalar Bob Dilan we Jimmi Hendriks girdi.
Seljerme 70-nji ýyllardaky aýdymlarda sözlük gorunyň 38%-e ýetendigini, 90-njy ýyllarda 29%-e çenli peselendigini görkezdi.
Pop we kantri sazandalarynyň tekstleri iň oňyn tekstler boldy. Artistleriň arasynda aýdymlardaky pozitiw boýunça birinji orny amerikaly aýdymçy Marwin Geý, negatiw boýunça – Slayer topary eýeledi.
Prodigy Education dürli ýerine ýetirijileriň we žanrlaryň aýdymlarynda sözleriň ulanylyş ýygylygyny-da öwrendi. Ilkinji bäşlik şeýle boldy: “söýgi”, “bilýärin”, “wagt”, “gowy” we “isleýärin”.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......