2025-nji ýylyň Toyota Grand Highlander-i 100 km üçin 6,5 l ýangyç sarp edýär

  • 06.11.2024 13:34
  • 13k+

Toyota kompaniýasy 2025-nji model ýylynyň Grand Highlander awtomobilini hödürledi. Täze esasy komplektasiýa LE bazara 42 310 dollar başlangyç baha bilen çykýar. IXBT portalynyň belleýşi ýaly, ol başlangyç bahasy 44 715 dollar bolan geçen ýylky esasy model XLE-den arzandyr.

Indi LE wersiýasy hem öňdäki herekete getiriji, hem doly herekete getiriji bilen elýeterlidir. Model 12,3 dýuýmlyk sensor ekranyny, 18 dýuýmlyk tekerleri we 265 at güýjüni berýän 2,4 litrlik turbo hereketlendirijisini saklap galdy.
Esasy wersiýadan başga-da, Toyota täze Nightshade komplektasiýasyny hödürledi. Ol radiator gözeneginde, aýna korpuslarynda gara reňkler we garaldylan tekerler bilen tapawutlanýar. Bu wersiýada goşmaça tölegsiz JBL audioulgamy hem göz öňünde tutuldy.
Kompaniýa Grand Highlander üçin gibrid we Hybrid Max güýç enjamlaryny hödürleýär. Gibrid güýç enjamy 245 at güýjüni berýär we 100 km üçin 6,5 l sarp edýär. Şol bir wagtyň özünde, Hybrid Max 362 at güýjüni üpjün edip, 100 km üçin 8,7 l sarp edýär.
2025-nji ýylyň Grand Highlander modeli ýylyň ahyryna çenli satuwa çykar.


24.06.2026 14:05
4.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
2.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......