Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze başlygy saýlandy

  • 06.11.2024 12:36
  • 11k+

4-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary saýlaw konferensiýasynda 43 ýaşly Guwançmuhammet Öwekow biragyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze başlygy wezipesine saýlandy. Bu barada «Janköýer» portaly habar berdi.

Öwekow professional karýerasyny 2014-nji ýylda tamamlady. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hüjümçi ýerinde oýdady, "Nisa" (2001) we "Balkan" (2011) klublarynyň düzüminde Türkmenistanyň çempiony boldy. Karýerasynyň aglaba bölegini Ukrainada geçirdi, şeýle hem Özbegistanda we Gazagystanda çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň taryhynda ýeke-täk pokeriň (bir oýunda dört gol) awtorydyr. Bu görkeziji AFK Çagyryş kubogynda Owganystan bilen bolan duşuşykda 2008-nji ýylda hasaba alyndy.
Guwançmuhammet Öwekow «Ahalyň» tälimçiler toparynda işledi, soňra «Ahal» we «Arkadag» futbol klublaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda "Ahal" 2022-nji ýylda çempionatda we Türkmenistan Kubogynda ýeňiji boldy. Hünärmen şeýle üstünligi «Arkadag» futbol topary bilen hem gazanmagy başardy.


düýn 23:00
1.7k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
3.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
3k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......