Dünýädäki agaçlaryň her üçünji görnüşine ýok bolmak howpy abanýar

  • 06.11.2024 10:02
  • 5.2k+

Dünýä boýunça agaçlaryň 16 müň görnüşine ýitip gitmek howpy abanýar. CNN-niň  habar bermegine görä, bu barada Gyzyl kitap üçin Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň (IUCN) hasabatynda aýdylýar.

Agajyň adamzada mälim bolan 47 282 görnüşiniň içinden 16 425-den gowragy eýýäm “gyzyl sanawa” goşuldy. Bu howp abanýan guşlaryň, süýdemdirijileriň, süýrenijileriň we ýerde-suwda ýaşaýanlaryň görnüşleriniň bilelikde alnan sanyndan iki esse köp diýmegi aňladýar.
Agaçlara abanýan esasy howp şäherleşme we oba hojalygy üçin tokaýlaryň ýok edilmegi, inwaziw görnüşleriň ýaýramagy, şeýle hem agaç keselleri bolmagynda galýar. Şeýle hem, bilermenler deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we güýçli tupanlaryň köpelmegi ýaly, howa faktorlaryna ünsi çekýärler.

“Agaçlaryň ýitmegi ösümlikleriň, kömelekleriň we haýwanlaryň müňlerçe görnüşine gönüden-göni howp salýar we bu tebigatymyzyň näderejede özara baglanyşyklydygyny görkezýär. Agaçlar – bu durmuşyň barometri. Agaçlar adamlaryň dem alýan kislorodyny öndürýär, ýabany tebigat üçin iýmit we ýaşamaga ýer bolup hyzmat edýär, ýerli halklaryň dermany we eklenç serişdesi bolup durýar, şeýle hem atmosferadaky ýylylyk bölüp çykarýan uglerod hapalaryny özüne siňdirýärler" – diýip, IUCN-iň baş müdiri Gretel Agilar düşündirýär.

Ýitip gitmek howpy abanýan agaç görnüşleriniň iň köp mukdary Fiji, Kuba we Madagaskar adalarynda hasaba alyndy. Günorta Amerikada, esasanam, Amazon sebitinde, oba hojalyk ekinlerini ekmek we mallary örňetmek üçin tokaýlaryň  çapylmagy sebäpli agaçlaryň 3 356 görnüşi howp astyndadyr.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......