Indi syçraýan daşlar Mersedes-Benz-lere zyýan ýetirip bilmez

  • 05.11.2024 15:05
  • 14k+

Mersedes-Benz kompaniýasy ulaglary syçraýan daşlaryň we beýleki predmetleriň zeper ýetirmeginden goramak üçin özboluşly ulgam döretmegiň üstünde işleýär. Lidarlaryň we mikrofonlaryň utgaşmasy bilen täze tehnologiýa ýolda duşup biljek howplary ýüze çykarmaga we olardan gaça durmaga kömek eder diýip, Carmoses.com ýazýar.

Häzirki wagtda adaptasiýa kruiz dolandyryşy we awtopilot üçin ulanylýan lidar ulgamlary hem uçýan zatlaryň traýektoriýasyny, tizligini we ululygyny yzarlap bilýär. Algoritmleri ulanyp, ulgam howpuň derejesini hakyky wagtda kesgitlär we zerur bolsa, zolagy üýtgetmek ýa-da tormoz basmak üçin sürüjä kömegi işjeňleşdirer we şeýlelik bilen zeper ýetmek howpuny azaldar.
Mundan başga-da, mikrofonlar ýüze çykarmagyň goşmaça ätiýaçlyk ulgamy bolmak bilen, ygtybarly goragy üpjün eder. Bu çözgüt abatlaýyş çykdajylaryny azaldyp, ýol howpsuzlygyny ýokarlandyryp biler.
Käbir öndürijiler kamera esasly ulgamlaryň onsuzam ýol belgileri we beýleki ulag serişdeleri  ýaly, görünýän zatlary tapmaga ökdedigini öňe sürüp, lidaryň şunuň ýaly  ulanylmagynyň zerurdygyna-däldigine ikirjiňlendiler.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....