Türkmen türgenleri däp bolan karate boýunça dünýä çempionatynda 3 medal gazandylar

  • 04.11.2024 15:54
  • 7.1k+

Türkmen türgenleri Ispaniýanyň Kambrils şäherinde geçirilen däp bolan karate boýunça dünýä çempionatynda üç medal - bir kümüş we iki bürünç gazandylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çempionata 17 döwletden 549 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndaky ýaryşlarda 10 türgen wekilçilik etdi.
Selim Myratdurdyýew şahsy bäsleşikde (kumitde) bürünç medal, jübütleýin en-bu bäsleşiginde (bellenilen wagtda tilsimleriň görkezme çykyşy) Nurgeldi Annagurbanow bilen kümüş medal, toparlaýyn ýaryşda bolsa Hemra Begjanow, Kemal Ataýew we Eziz Zekerýaýew bilen bürünç medal aldy.
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna Türkmenistanyň Däp bolan karate federasiýasynyň başlygy Diýar Hojaýewiň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Döwlet Berdiýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar. Dünýä birinjiliignde Türkmenistanyň adyndan eminler Eýmur Mademinow we Guwanç Adyýew wekilçilik etdi.


04.06.2026 00:17
9.3k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

29.05.2026 23:03
7.2k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......