Google meýilnamasyny üýtgedýär: Android 16 adatdakysyndan ir çykar

  • 04.11.2024 15:26
  • 2.7k+

Google öz blogunda Android 16 operasion ulgamynyň 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde çykjakdygyny tassyklady. Kompaniýa adaty tertibini üýtgetmek kararyna geldi.

Öň, Google Android-iň täze wersiýalaryny, adatça, awgust aýyndan oktýabr aýy aralygynda çykarýardy. Indi ulanyjylar operasion ulgamyň indiki wersiýasyna 2025-nji ýylyň aprel, maý ýa-da iýun aýlarynda garaşyp bilerler.
Soňky gezek şeýle üýtgeşmeler 2012-nji ýylda Android 4.1-iň çykmagy bilen boldy, ol 9-njy iýulda anons edilipdi.
Möhletiň üýtgemeginiň sebäbi Google-yň “öz ekoulgamynda gurluşlaryň çykyş tertibine has laýyk gelmek” islegidir. Bu gurluşlaryň köpüsine OS-yň täze wersiýasyny ir almaga mümkinçilik berer. Ähtimal, kompaniýa smartfonlarynyň premýera tertibine görä sazlamak kararyna gelendir. Mysal üçin, Pixel 9 hatary 2024-nji ýylyň awgust aýynda hödürlendi.
Mundan başga-da, Google işläp düzüjiler üçin Android 16-nyň deslapky wersiýasynyň adatdakysyndan birnäçe aý öň çykjakdygyny habar berdi. Synagyň fewral aýyndan ir başlamagyna garaşylýar, ýöne takyk seneler heniz belli däl. Kompaniýa işläp düzüjileri mundan beýläkki täzelenmeleri yzarlamaga çagyrdy.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....