Mikroskop astynda düşürilen fotosuratlaryň bäsleşiginiň netijeleri belli boldy

  • 04.11.2024 11:46
  • 6.2k+

Nikon Small World fotosurat bäsleşigi 50 ýyllygyny belledi. 2024-nji ýylda bu bäsleşige gatnaşmak üçin 80 ýurtdan 2100 arza berildi. Emin agzalary suratlara olaryň özboluşlylygyna, maglumat berijiligine, tehniki ussatlyga we wizual gözellige görä baha berdiler.

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky Ogasta uniwersitetiniň lukmançylyk kollejinden bolan Bruno Çisterna we Erik Witriol syçan beýnisiniň differensirlenen çişiniň suraty bilen baş baýraga eýe boldular.

Ikinji ýeri italiýaly fizik we suratçy doktor Marsel Klemens eýeledi. Ol ştyr bilen simiň arasyndaky elektrik “ýaýy” 10 esse ýakynlaşdyryp surata düşürdi.

Üçünji ýeri kenep ýapragynyň gümmez şekilli trihomalarynyň suraty bilen Port-Tounsendden (ABŞ-niň Waşington ştaty) bolan Kris Romeýn eýeledi.

Beýleki gyzykly işler:

Syçanyň inçe içegesiniň iç ýüzi (kesilen görnüşi) (Emi Enjewik)

Osminogyň ýumurtgalarynyň üýşmegi (Tomas Barlou we Konnor Gibbons)

Cribaria cancellata-nyň sliznewikeri (Genri Koskinen)

Bag kerebindäki tozgajyklar (Jon-Oliwer Dum)

Gara domalan kömeleginiň sporalary (Ýan Martinek)

Çüýrän şahadaky suw damjaly heň (Ferens Halmos)

Şpris iňňesindäki kebelek ganatynyň gowjagazlary (Daniel Knop)

Ýaşyl möýüň gözleri (Pawel Blaçowiç)

Bäsleşige gatnaşanlaryň suratlary daş-töweregimizdäki adaty göze görünmeýän gözelligi görmäge mümkinçilik berip, täze gözýetimleri açýar.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......