Kanýe Uest $1 mlrd býujetli dokumental film üçin öz durmuşyny 6 ýyllap wideo düşürdi

  • 04.11.2024 00:49
  • 6.2k+

Amerikaly repçi, prodýuser, dizaýner we öňki dollar milliarderi Kanýe Uest täze “In Who’s Name?” (“Kimiň hatyrasyna?”) dokumental filminiň premýerasyny anons etdi. Film soňky alty ýylyň dowamynda surata düşürildi diýip, Variety habar berýär.

Film “Ýeniň köpçüligiň öňünde özgermesiniň özboluşly we kinematografik perspektiwasyny” wada berýär. Repçi 2021-nji ýylda adyny Ýe diýip resmi taýdan üýtgetdi.
Filmiň promoroligi 7-nji noýabrda çykar.

“Bir milliard dollar býujet we hakykata ymtylyş bilen, Ýe aýfony bar bolan 18 ýaşly Nikolas Ballesterosy şahsyýetiň ony dünýäniň iň jedelli artistine öwren öjükdiriji pikirlere, uly garaýyşlara we batyrgaý paradokslara garşy durýan durmuşynyň bezelmedik taraplaryny açyp görkezýän alty ýyllyk syýahata çagyrdy” – diýlip, filmiň beýanynda aýdylýar.
“Film Ýeniň Amerikanyň taryhynda iň baý gara bedenli adama öwrülişini yzarlaýar we ýyldyzyň erkinligiň hatyrasyna ähli guran zatlary bilen näme üçin töwekgelçilik edendigi baradaky soraga jogap berýär” – diýip, filmi döredijiler belledi.

Häzirki wagtda dokumental film postprodakşen tapgyryndadyr.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......