Amorimiň “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasy barada maglumatlar belli boldy

  • 03.11.2024 14:46
  • 8.7k+

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol kluby öz resmi saýtynda portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimiň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi.

“Goldawyňyz üçin minnetdar. Men ynamyňyzy ödärin” – diýip, Amorim sosial ulgamlarda özüniň bu wezipä bellenmegine teswir berdi. Onuň sözlerini United Zone getirýär.

Mundan öň 39 ýaşly hünärmen Lissabonyň “Sportinginde” tälimçidi. Onuň bu klub bilen şertnamasyny möhletinden öň ýatyrandygy üçin “MÝ” öwezini dolma hökmünde 10 mln ýewro tölemeli bolar.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, tälimçiniň “MÝ” bilen şertnamasy ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder. Ol ýylda 8 mln ýewro alar.

Amorim 11-nji noýabrdan işe girişer.

“Sportingde” işe başlamazdan ozal, Amorim “Braga” ýolbaşçylyk edýärdi. Umuman alanyňda, portugaliýaly hünärmen tälimçi hökmünde alty kubok gazandy.

Ýatlap geçsek, duşenbe güni “Mançester Ýunaýted” baş tälimçi niderlandly Erik ten Hagy işden çykardy. Onuň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji toparyň öňki oýunçysy Rud wan Nistelroý boldy.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....