“Yhlas Kagyz” HK Aşgabatdaky sergä Zoomlion gurluşyk tehnikalaryny çykardy

  • 02.11.2024 23:06
  • 99k+

«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy Aşgabatda geçirilýän gurluşyk harytlarynyň sergisine Zoomlion gurluşyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini çykardy. Islendik adam sergä baryp, bu kuwwatly tehnikalary ýakyndan synlap, olaryň tehniki häsiýetnamalary, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni görkezişi barada maglumat alyp biler.
Sergi 3–5-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagaty edarasynda geçirilýär.

Zoomlion kompaniýasy barada maglumat
1992-nji ýylda esaslandyrylan ZOOMLION kompaniýasy gurluşyk we oba hojalyk pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly tehnikalary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýar. Kompaniýa maşyn gurluşygy pudagynda oýlap tapyşlary üçin hereket edýän patentleriniň sany boýunça birinji orny eýeleýär. Onuň oýlap tapyşlar üçin 6753 sany patenti hasaba alyndy.
Zoomlion-yň käbir görkezijileri:

  • dünýäde iň uzyn awtobetonnasosy işläp taýýarlady (101 metr);
  • ýük göterijiligi 3200 tonna bolan ilkinji zynjyrly krany işläp taýýarlady;
  • ýük göterijiligi 20 müň tonna bolan dünýäde ilkinji başnýaly krany çykardy;
  • ýük göterijiligi 2400 tonna bolan dünýäde ilkinji hemme ýerde gezmäge ukyply (wezdehod) krany çykardy;
  • beýikligi 72,3 metr bolan dünýäde ilkinji göterilýän platformany taýýarlady;
  • dünýäde ilkinji emeli aňly bugdaý orýan kombaýny işläp düzdi.

Zoomlion kompaniýasynyň tehnikalary ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni oňyn tarapdan ygtybarly tehnika hökmünde görkezdi. “Yhlas Kagyz” HK Türkmenistanda Zoomlion kompaniýasynyň tehnikalaryny resmi taýdan hödürleýär. “Yhlas Kagyz” HK-nyň serwis merkezlerinden bu tehnikalaryň özüni, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş materiallaryny satyn alyp bolýar. Zerur bolanda goşmaça ätiýaçlyk şaýlary Hytaýdaky zawoddan gysga wagtyň içinde getirdip bolýar.
“Yhlas Kagyz” HK iň amatly bahalardan:

  • kran üçin ätiýaçlyk şaýlaryny;
  • ýaglary;
  • tekerleri;
  • slindrleri;
  • filterleri we beýleki ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär.
    Hyzmatlar Türkmenistanyň ähli welaýatlary boýunça ýerine ýetirilýär.

“Yhlas Kagyz” noýabr aýynyň dowamynda edilen tehnika söwdalary üçin 2,5 tonna transpalet sowgat berýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri we salgylar:
Aşgabat ş., Türkmenistan şaýoly 97/1, «Maksat Mebel» dükany, 3-nji gaty «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.
Tehnikalary ammardan taýyn almak üçin ýerleşýän ýeri Aşgabat ş. “Altyn Asyr” Gündogar bazary (Jygyllyk) we Owadandepe önümçilik bazasy.
Ätiýaçlyk şaýlary ýerleşýän Dükany Aşgabat ş., Büzmeýin Jülge gara ýol 2 km.
Habarlasmak üçin telefonlar:


düýn 18:39
3.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.2k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4.1k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....