Nýu-Ýorkda pyýadalaryň köçäni rugsat berilmeýän ýerden geçmegi üçin jerimeler ýatyryldy

  • 02.11.2024 12:30
  • 13k+

Nýu-Ýorkuň şäher geňeşi pyýadalaryň köçäni rugsat berilmedik ýerden kesip geçmegi üçin salynýan jerimeleri ýatyrýan kanuny tassyklady. Pyýadalar indi hatda gyzylda hem ýoly kesip geçip bilerler.

Bu täzelik pyýadalara ýoly has erkin kesip geçmäge mümkinçilik berýär, polisiýa işgärlerini bolsa bu düzgüni bozýanlara gözegçilik etmek borjundan boşadýar. Kanunyň awtorlarynyň biri bolup durýan şäher geňeşiniň agzasy Mersedes Narsis bu kararyň polisiýanyň has möhüm meselelere ünsi jemlemegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Emma täze düzgünler pyýadalara artykmaç hukuk bermeýär. Pyýadalar awtoulaglara ýol bermeli we ulaglara niýetlenen ýerlerde erkin hereket edip bilmezler. Pyýadanyň günäsi bilen ýol-ulag hadysasy ýüze çykan halatynda raýat arzasyny bermek mümkinçiligi saklanyp galýar.
Ýakynda ABŞ-nyň ýene-de birnäçe iri şäherlerinde şuňa meňzeş kanunlar kabul edildi.
Köçäni rugsat berilmedik ýerden kesip geçmeklige gadaganlyk Nýu-Ýorkda 1958-nji ýyldan bäri hereket edip, soňky ýyllarda bu düzgüni bozanlara salynýan jerimäniň möçberi  250 dollara ýetdi.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......