“Aman diledi ...”: Huawei Mate XT ýowuz synagdan geçip bilmedi

  • 01.11.2024 22:31
  • 14k+

Smartfonlaryň çydamlylygy boýunça ýowuz synaglary geçirmek bilen tanalýan ýutub blogeri JerryRigEverything bu gezek köpçülikleýin öndürilen üç ekranly Huawei Mate XT-ni, ýagny bu kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfonyny synag etdi. Synagyň netijeleri hemmäni lapykeç etdi diýip, rozetked.me habar berýär.

Smartfon gyrdalama synagyndan geçmedi: blogger ekrany adaty dyrnaklar bilen zaýalady. Şeýle-de bolsa, JerryRigEverything-iň pikiriçe, bu potensial alyjylary gorkuzmaly däldir, sebäbi bu ýagdaý eplenýän smartfonlar üçin adatydyr.
Şol bir wagtyň özünde, ekrana demir jisim bilen zeper ýetirmek has aňsat boldy - üçünji gezek urlandan soň, ekranda işlemeýän pikselli bir nokat peýda boldy. Ol el degdigiçe ulaldy.
Smartfonyň "eplenýän" bölegi hem synaglaryny geçip başarmady. Gum we ownuk bölejikler mehanizme girenlerinde, ol eplenmegini bes etdi.
Mundan başga-da, blogçy Mate XT-ni köp tagalla etmän, ters tarapyna epläp bildi. Emma Huawei şeýle ýagdaýlary göz öňünde tutdy. Ol Mate XT-ni nädogry eplemäge synanyşanyňyzda, enjam nädip “dogry” eplemelidigini görkezýär, derrew ekranda animasiýa peýda bolýar.

Bu barada JerryRigEverything: "Bu [tersine] synag wagtynda rehimdarlyk soraýan ilkinji smartfon boldy" diýip belleýär.
Netijede, blogçy goşmaça gurallary ulanman, smartfonyň yzky panellerini el bilen, goşmaça güýç sarp etmän aýryp bildi. Onuň içinden her bir ekran üçin üç sany inçe batareýa tapyldy.
Mundan ozal Huawei Mate XT smartfonynyň abatlaýyş işleriniň resmi bahalaryny yglan edipdi. Onda: ekrany çalyşmak smartfon eýelerine 8000 ýuana (takmynan 1120 dollar), içki esasy platany çalyşmak bolsa 9,100 ýuana (1275 dollar) düşer diýlip aýdylýar.


15.02.2026 09:14
3.2k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.7k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...