Mozilla 20 ýyllyk ýubileýini "Firefox" brauzeriniň täze wersiýasyny çykaryp belleýär

  • 01.11.2024 21:58
  • 1.2k+

9-njy noýabrda Mozilla-nyň "Firefox" brauzerine 20 ýyl dolýar. Kompaniýa bu waka gabatlap täze funksiýaly we aýratynlyklary bolan Firefox 132 brauzerini çykardy diýip, PCWorld habar berýär.

Esasy täzelenme - ulanyjynyň şahsy maglumatlarynyň goragyny güýçlendirmek üçin üçünji tarap cookies-iň doly petiklenmegi. Bu aýratynlyk ulanyjylara “Berk” režiminde elýeterlidir we öz  maglumatlaryna has gowy gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem, täze wersiýa programmadaky 11 gowşaklygy, şol sanda iki sany düýpli gowşaklygy aradan aýyrýar. Olar CVE-2024-10459 - brauzer işlän wagtynda dinamiki ýadyň nädogry ulanylmagy sebäpli zyýanly koduň ýerine ýetirilmegine getirip biljek “use-after-free” gowşaklygy we CVE - 2024-10458 - ygtybarly sahypadan ygtybarsyz sahypa geçirmäge mümkinçilik berýän gowşaklyk.
Şeýle-de täzelenme meşhur akym platformalarynda 4K wideo üçin goldaw goşýar. Mazmuny diňlemek üçin ol şifrlemegi we media faýllarynyň göçürilmeginiň öňüni alýan Microsoft PlayReady tehnologiýasyny ulanýar. Häzirlikçe bu funksiýa synag tapgyrynda we saýtlarda çäkli mukdarda elýeterlidir.
Esasy brauzerden başga-da, Mozilla Firefox ESR, Tor Browser we Thunderbird e-poçta müşderisini täzeledi. Firefox ESR 128.4.0 wersiýasy 10 gowşaklyga düzedişini aldy we täzelenen Tor Browser 14.0.1-e diňe Firefox 132-den täze howpsuzlyk aýratynlyklary geçdi. Thunderbird e-poçta müşderisiniň wersiýasy 128.4.0esr (diňe täze operasiýa ulgamlarynda goldanýar) täzelenme we 10 gowşaklyga düzediş aldy.
Firefox 132-niň çykmagy ýubileýe bagyşlanan çäreleriň diňe bir bölegidir. Indiki Firefox 133 täzelenmesi 2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda meýilleşdirilýär.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......