Keýt Duglas gysga suwda 200 metre brass usulynda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

  • 01.11.2024 10:41
  • 4.5k+

2024-nji ýylyň iki gezek Olimpiýa çempiony, amerikaly zenan suwda ýüzüji Keýt Duglas Singapurda geçirilýän Dünýä kubogynyň üçünji tapgyrynda gysga suwda 200 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi. Ol bu aralygy 2 minut 12,72 sekuntda geçdi.

Şeýlelik bilen, ol geçen hepde Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda 2.14,16 görkezijisi bilen goýan rekordyny täzeledi. Duglasdan öň dünýä rekordy onuň watandaşy Rebekka Sonä degişlidi (2.14,57), ol rekordy 2019-njy ýylda goýdy.
Singapurda geçirilýän Dünýä kubogynyň tapgyrynda ikinji orny 2.18,79 netije bilen belarusly suwda ýüzüji Alina Zmuşka eýeledi, liderleriň üçlügini Awstraliýadan Tara Kinder jemledi (2.19,08).
Singapurda gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň tapgyry 2-nji noýabrda tamamlanar.


düýn 21:03
1.4k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....