KHBS: “Mançester Ýunaýtediň” täze baş tälimçisi Ruben Amorim bolar

  • 31.10.2024 18:19
  • 7.6k+

Portugaliýaly hünärmen, Lissabonyň “Sportinginiň” baş tälimçisi Ruben Amorim Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubuna ýolbaşçy bolar. Bu barada Record habarlar çeşmesiniň žurnalistleri habar berýär.

Maglumatlara görä, MÝ “Sportinge” tälimçi üçin öwezini dolma hökmünde 10 mln ýewro tölemäge razy boldy. 39 ýaşly hünärmeniň şertnamasynda hut şu mukdar görkezilen.
talkSPORT neşiri portugaliýalynyň zähmet hakynyň “gyzyl şeýtanlaryň” klubunda üç esse ýokarlanjakdygyny ýazýar. Insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, MÝ eýýäm tälimçilik ştaby barada Amorim bilen gepleşikleri geçirýär.
“Mançester Ýunaýtedde” Amorim işden çykarylan niderlandly Erik ten Hagyň ornuny eýelär. Ol gidenden soň, topara wagtlaýyn Rud wan Nistelroý ýolbaşçy boldy. Ten Hagyň ştabynda ol hüjümçileriň tälimçisidi.
Ten Hag “Mançester Ýunaýtede” 2022-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk etdi. Häzirki möwsümde topar Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) ýaryş jedwelinde 14-nji orny eýeleýär. Ol dokuz oýunda bary-ýogy üç ýeňiş gazandy, Ýewropa ligasynda bolsa ähli üç oýun deňme-deň tamamlandy.
Amorim “Sportinge” 2020-nji ýyldan bäri tälim berýär. Topar bilen Portugaliýanyň iki çempionatyny (2020/21, 2023/24), iki Portugaliýa ligasynyň Kubogyny (2020/21, 2021/22), Portugaliýanyň Superkubogyny (2021) utdy.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....