Awtoulag duralgasyndan 20 dollar tapan amerikaly bir adam lotereýa petegini alyp, 1 million dollar utdy

  • 31.10.2024 06:49
  • 18k+

Demirgazyk Karolinanyň (ABŞ) Banner Elk şäherinden agaç ussasy Jerri Hiks dükanyň awtoulag duralgasyndan 20 dollarlyk kagyz puly tapdy. Tötänlikde tapan puluna ol dessine lotereýa petegini satyn aldy, bu bolsa oňa uly utuş - 1 million dollar getirdi. Bu wakany CNN gürrüň berdi.

"Olarda meniň gözleýän petegim ýok eken, şonuň üçinem şuny satyn alypdym" –diýip, Hiks gürrüň berdi .

Birnäçe günden soň Jerri utuşyny haýsy usul bilen aljagyny saýlamak üçin lotereýa merkezine bardy. Oňa iki usul teklip edildi: tölegi 20 ýylyň dowamynda 50 müň dollardan bölüp almak ýa-da 600 müň dollar möçberinde bir gezekde almak. Ol ikinji usuly saýlady. Salgydy hasaplanyp aýrylandan  soň, eline 429 007 dollar aldy.
Agaç ussasy 56 ýyldan bäri agaç ussasy bolup işleýändigini we indi pensiýa çykmak isleýändigini aýtdy. Pulunyň bir bölegini çagalaryna bermek isleýär.

"Ýöne ondan öň göni Golden Corral-a (amerikan restoranlar zynjyry) bararys we ol ýerde bar zatlardan hemmesini iýeris" - diýip, bagty çüwen bu adam degişdi.


22.06.2026 00:57
5.1k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......