Hytaý uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürýän zawodyň gurluşygyna başlady

  • 31.10.2024 06:45
  • 6.3k+

Hytaýyň Xpeng awtoulag öndürijisiniň golçur kärhanasy bolan Xpeng Aeroht kompaniýasy uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürýän zawodyň gurluşygyna başlady. Ýyllyk öndürijilik kuwwaty 10 000 awtoulaga çenli bolar diýip meýilleşdirilýän zawod Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde gurulýar.

Gurluşygy 2026-njy ýyla tamamlamak we yzygiderli önümçilige başlamak meýilleşdirilýär.
Täze zawod Land Aircraft Carrier innowasion modeli üçin uçýan moduly öndürer.
Kompaniýa bu taslamadan başga-da, iki orunlyk Xpeng X2 uçýan awtoulagyň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Ulag hersiniň agramy 80 kilogramdan geçmeýän iki ýolagçyny göterip biler.


16.06.2026 07:52
4k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......