“Altyn top”: Ançelotti we “Real” baýrak aldylar, ýöne dabara gatnaşmadylar

  • 29.10.2024 14:47
  • 12k+

Parižde geçirilen “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda Karlo Ançelotti 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça Ýohan Kruiff adyndaky baýragy aldy. Bu baýrak her ýyl “France Football” tarapyndan iň gowy tälimçä berilýär.

Geçen möwsümde Ançelotti Madridiň “Realyny” La Ligada, Ispaniýanyň Superkubogynda we Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi. Onuň topary-da baýraksyz galmady. Topar 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça dünýäde iň gowy klub diýlip ykrar edildi.
Muňa garamazdan, dabara ne Ançelotti, ne-de klubuň beýleki wekilleri gatnaşdy. KHBS klubuň şu ýyl “Altyn topuň” “Realyň” oýunçysy Winisius Žuniora däl-de, “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Rodrä beriljekdigini öňünden bilip, çärä gatnaşmazlyk kararyna gelendigini ýazýar.
Ses berişligiň netijesi boýunça dünýäniň iň gowy zenan kluby Kataloniýanyň “Barselonasy” boldy. Geçen möwsümde toparyň futbolçylary ähli ýaryşlarda öňdebaryjy bolup, Çempionlar ligasynda, Ispaniýanyň çempionatynda, ýurduň Kubogynda we Superkubogynda ýeňiş gazandy. Topar Ispaniýanyň çempionatynda (9), ýurduň Kubogynda (10) we Superkubogynda (4) ýeňişleriň sany boýunça rekord eýesidir.
Kataloniýa klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň zenan ýarymgoragçysy Aýtana Bonmati ses berişligiň netijesi boýunça zenan “Altyn topuna” mynasyp boldy. Ol bu baýragy eýýäm yzygider ikinji ýyl alýar.
Bonmati “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy bolup, birinji toparda 2016-njy ýyldan bäri çykyş edýär. Klub bilen bilelikde 23 dürli baýraga mynasyp boldy, şol sanda üç gezek zenanlar Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......