Erik ten Hag “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 28.10.2024 21:35
  • 7.3k+

“Mançester Ýunaýted” öz resmi saýtynda Erik ten Hagyň toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Baş tälimçiniň wezipe borçlaryny onuň kömekçisi Rud wan Nistelroý ýerine ýetirer. Klub täze baş tälimçini gözlemegini dowam eder.

“Biz Erika klubda işlän döwründe eden ähli işleri üçin minnetdar. Oňa geljekde iň gowy zatlary arzuw edýäris” – diýip, klubuň metbugat gullugy ýazdy.

Ýatlap geçsek, ten Hag 2022-nji ýylyň aprel aýynda “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçy boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2023-nji ýylda liganyň Kubogyny we 2024-nji ýylda Angliýanyň Kubogyny utdy. Geçen tomus hünärmen “MÝ” bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy. Ýöne klub täze möwsümi diýseň şowsuz başlady. Topar APL-iň ýaryş jedwelinde 14-nji orny eýeleýär.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....