Karlos Saýns Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Hemilton – 4-nji, Werstappen – 6-njy

  • 28.10.2024 11:55
  • 2.8k+

Doganlar Rodriges adyndaky awtodromda “Formula-1” çempionatynyň Meksikanyň Gran-prisi tapgyry tamamlandy. Onuň ýeňijisi “Ferrariden” Karlos Saýns boldy. Ikinji bolup pellehana “Maklareniň” ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris geldi. Liderleriň üçlügini “Ferrariniň” ýene bir sürüjisi Şarl Lekler jemledi.

“Red Bulldan” çempionatyň lideri Maks Werstappen ýaryşyň dowamynda Lando Norris bilen nädogry göreş alyp barandygy üçin iki sany 10 sekuntlyk jerime aldy. Ilki niderlandly ýaryşa gatnaşyjy Norrisi ýoldan gysyp çykarandygy üçin, soňra ýoluň çäginden çykyp, artykmaçlyk gazanandygy üçin jerime aldy. Netijede, Werstappen altynjy orny eýeledi. Onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres “Formula-1-iň” öý tapgyrynda 17-nji boldy.
Meksikanyň Gran-prisiniň jemi boýunça ilkinji onluk şeýle:

  1. Karlos Saýns (“Ferrari”) – 71 aýlaw.
  2. Lando Norris (“Maklaren”) +4.705.
  3. Şarl Lekler (“Ferrari”) +34.387.
  4. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +44.780.
  5. Jorj Rassell (“Mersedes”) +48.536.
  6. Maks Werstappen (“Red Bull”) +59.558.
  7. Kewin Magnussen (“Haas”) +1:03.642.
  8. Oskar Piastri (“Maklaren”) +1:04.928.
  9. Niko Hýulkenberg (“Haas”) +1 aýlaw.
  10. Pýer Gasli (“Alpin”) +1 aýlaw.

19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....