“Banan” üçin $1,5 mln: Sotheby’s Maurisio Kattelanyň installýasiýasyny satuwa çykarar

  • 28.10.2024 14:40
  • 7.7k+

Sotheby’s auksion öýi italiýaly suratkeş Maurisio Kattelanyň belli “Comedian” installýasiýasyny satuwa çykarar. Işiň çak edilýän bahasy 1 – 1,5 mln dollara barabar.

Bu lot diwara skotç bilen ýelmenen banandyr. Sungat eseri ilkinji gezek 2019-njy ýylda Art Basel Miami Beach ýarmarkasynda görkezildi.
Kattelan bu installýasiýadan üç nusga döretdi. Ikisi 120 müň dollara satyldy, üçünjisi bolsa Nýu-Ýorkdaky Solomon Guggenhaým muzeýine berildi.
Bu gezek alyjy diňe bir banan däl-de, eýsem ýelim lentasyny, hakykylyk şahadatnamasyny we suratkeşden installýasiýany nähili gurnamalydygy barada jikme-jik görkezmeleri alar.
Belläp geçsek, sungaty öwrenijileriň bu eser babatda pikirleri tapawutlanýar: käbirleri onda prowokasiýany, beýlekiler – sungatyň gymmatlygyny şübhe astyna goýan Marsel Dýuşanyň işlerine salgylanmany görýärler. 
Bu sungat işi diwardan banany aýryp, arassalap, ony serginiň ýüzlerçe myhmanynyň öňünde iýen suratkeş Dewid Datunyň performansyndan soň giň meşhurlyga eýe boldy.
Auksiondan öň “Comedian” dünýäniň sekiz şäherinde köpçülige görkeziler: London, Pariž, Milan, Gonkong, Dubaý, Taýbeý, Tokio we Los-Anjeles. Söwda 20-nji noýabra meýilleşdirilýär.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......