Hytaýly alymlar howadan we suwdan aminokislotalary almagy öwrendiler

  • 27.10.2024 11:35
  • 4.1k+

Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (USTC) alymlar topary howadan we suwdan aminokislotalary sintez etmegiň usulyny tapdy. South China Morning Post-yň habar bermegine görä, barlagçylar laboratoriýa şertlerinde ýyldyrym çakmagyny simulasiýa etmek üçin elektrohimiki katalizi ulandylar.

Alymlar toparynyň ýolbaşçysy, USTC-yň işgäri Szen Sze: "Täze innowasion synag dizaýnynyň kömegi bilen käbir aminokislotalaryň, ýagny glisiniň sintezini gazanyp bildik" – diýip mälim etdi.

Synag wagtynda alymlar kömürturşy gazyny atgulak kislotasyna, soňra bolsa glioksil turşusyna öwürdiler. Azot ammiaga, soňra bolsa gidroksilamine sintez edildi. Elektrodikeldiş reaksiýasy ýokary derejeli arassa gaty glisiniň 5,1 gramyny berdi.

Szen Sze geljekde toparyň diňe suw we howa ulanyp, has çylşyrymly organiki molekulalary sintez etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Täze tehnologiýa nebit önümleriniň ulanylmagyny aradan aýyrýan, ekologiýa taýdan arassa önümçilik üçin esas bolup biler. Bu energiýa sarp edilişini we zäherli galyndylaryň mukdaryny azaldar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....