Iliýa Topuriýa amerikaly Maks Holloueýi ýeňip, UFC-niň titulyny gorady

  • 27.10.2024 11:18
  • 12k+

Ýarym ýeňil agramda UFC-niň häzirki çempiony Iliýa Topuriýa amerikaly Maks Holloueýi nokaut ýagdaýyna düşüren ilkinji söweşiji boldy. 

Abu-Dabide UFC 308-iň esasy wakasy bolan bu titul söweşi üçünji raundda tamamlandy. Ispan-gruziýaly söweşiji Holloueýi ilki sag tarapdan urgy bilen silkindirdi we eýýäm soňky epizodlarda garşydaşyny çep urgusy bilen ýere ýykyp, ýene birnäçe urgy bilen üstüni ýetirdi.  

Söweşden soň beren interwýusynda Iliýa Topuriýa şu ýylyň fewral aýynda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempionlyk guşagyny elden gidiren Aleksandr Wolkanowskä rewanş bermäge taýýardygyny aýtdy.

Ýatlap geçsek, häzirki wagtda ýeňilmäni bilmeýän Iliýa Topuriýa agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde dördünji orny eýeleýär. Topuriýanyň hasabynda 16 söweşde 16 ýeňiş bar. Maks Holloueýiň hasabynda bolsa 26 ýeňiş bilen sekiz ýeňliş bar.


düýn 18:58
6.9k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

07.06.2026 20:02
7.4k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7.1k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......