2-nji noýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin Saglyk ýoluna çykmak çäresi geçiriler

  • 26.10.2024 12:54
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2-nji noýabrda hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi.

“Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.


25.05.2026 15:19
2.2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.2k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

21.05.2026 11:27
3.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......