“Genrih V” bir asyrdan soň gaýdyp geldi. ABŞ-da Şekspiriň kitaby 101 ýyldan soň kitaphana gaýtaryldy

  • 25.10.2024 10:03
  • 3.3k+

Uilliam Şekspiriň kitaby bir asyrdan soň Patersonyň mugt jemgyýetçilik kitaphanasyna (Nýu-Jersi, ABŞ) gaýtarylyp berildi. Ýerli ýaşaýjy Sintiýa Deleý merhum enesiniň goş-golamlarynyň arasyndan “Genrih V” pýesasynyň seýrek neşirini tapdy. Onda göçürmäniň 1923-nji ýylda kitaphanadan alnandygyny görkezilipdir diýip, UPI ýazýar.

Sintiýa kitaphananyň işgärleri bilen habarlaşyp, kitaby yzyna gaýtarmakçydygyny aýtdy.

“Yzyna berilmeli möhleti geçen kitaplary kitaphana gaýtarmak üçin hiç wagt giç däl. Emma şunuň ýaly ýagdaýa soňky 20 ýylda ilkinji gezek duş geldim" - diýip, kitaphananyň müdiri Kori Fleming aýdýar.

Neşiriň 1910-njy ýylda çäkli neşirde çap edilendigi we kolleksionerler üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellendi.
Şol bir wagtyň özünde, kitap kitaphananyň yzyna berilmeli möhleti geçen kitaplary boýunça rekord goýmakdan uzakda. Şeýle rekordy Bremeniň arhiýepiskopy hakda nemes dilinde ýazylan neşir saklaýar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, şol kitap 1609-njy ýylda neşir edilipdir. Iňlis polkownigi Robert Uolpol ony 1667–1668-nji ýyllarda Kembrijdäki kitaphanadan alypdyr. Neşir 288 ýyldan soň yzyna gaýtaryldy. Professor Jon Plamb ony markiz Çamliniň Norfolkdaky hususy kitaphanasyndan tapdy.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......