Hyundai 2026-njy ýylda benzin bilen işleýän Tucson-nyň we Avante-niň täze neslini hödürlär

  • 23.10.2024 10:14
  • 6.1k+

Hyundai Motor modellerini doly elektrikleşdirmek meýilnamasyna täzeden garady hem-de Tucson krossoweriniň we Avante sedanynyň benzin görnüşlerini saklap galmagy karar etdi. Speedme.ru -nyň habar bermegine görä, iki awtoulag hem Tucson üçin NX5 we Avante üçin CN8 taslama kodlary bilen belgilenen täze nesil modelleri görnüşinde täzelenme alar.

Bu modelleriň 2026-njy ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
Benzin hereketlendirijilerinden başga-da, täze Tucson we Avante, plug-in gibridleri goşmak bilen, gibrid güýç gurluşlary bilen üpjün ediler.
Hyundai-yň gelen karary iki modeliň hem esasanam ABŞ-da meşhurlygy, şeýle hem elektrik ulaglaryna bolan islegiň haýallamagy bilen baglanyşyklydyr. Elektrik hereketlendirijilerine geçmegiň global tendensiýalaryna garamazdan, kompaniýa hem benzinli, hem gibridli görnüşleri hödürläp, adaty awtoulaglar bazaryndaky ornuny saklamaga çalyşýar.


02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....