BSGG Müsüri gyzzyrmadan azat ýurt hökmünde ykrar etdi

  • 22.10.2024 12:05
  • 4k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Müsüre gyzzyrmadan azat ýurt hökmünde şahadatnama berdi. Bu barada BSGG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Gyzzyrma Müsür siwilizasiýasy ýaly gadymydyr, ýöne faraonlara ejir çekdiren bu kesel indi onuň geljegine däl-de, taryhyna degişlidir” – diýip, BSGG-niň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus belledi.
“Müsüri gyzzyrma keselinden azat ýurt hökmünde ykrar edýän bu şahadatnama, hakykatdanam, taryhy waka we halkyň hem hökümetiň bu gadymy betbagtlykdan gutulmaga meýilliliginiň subutnamasydyr. Müsüri sebitiň beýleki ýurtlaryny ruhlandyrýan we dogry çeşmeler hem dogry gurallar bolan ýagdaýynda nämäni gazanyp boljakdygyny görkezýän bu üstünligi bilen gutlaýaryn” – diýip, Gebreýesus belläp geçdi.

Müsür Birleşen Arap Emirliklerinden we Marokkodan soň BSGG-niň Gündogar Ortaýer deňzi sebitinde “gyzzyrmadan azatlygyň” şahadatnamasyny alan üçünji we 2010-njy ýyldan bäri ilkinji ýurt boldy. “Bütin dünýäde jemi 44 ýurt we 1 sebit bu sepgide ýetdi” – diýip, BSGG belledi.
Gyzzyrmanyň ýokdugyny tassyklaýan şahadatnama, eger döwlet gyzzyrmanyň Anopheles çybynlarynyň üsti bilen ýaýramagynyň azyndan üç ýyl bäri özüniň bütin çäginde kesilendigini subut edip bilse berilýär. Şeýle-de, ýurt ýokanjyň ýaňadan geçip başlamagynyň öňüni alyp bilmek başarnygyny görkezmeli.
Gyzzyrma adamyň iň giňden ýaýran ýokanç keselleriniň biridir. Ony dörediji hökmünde Plasmodium toparyndan bir öýjükli jandarlar çykyş edýär. BSGG-niň häzirki hasaplamalaryna görä, dünýäde gyzzyrma keseliniň ähli görnüşlerini göterijileriň sany 220 milliona golaý. Kesellänleriň aglabasy Afrikanyň çäklerinde we Günorta Aziýanyň ösýän ýurtlarynda ýaşaýar.


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......