Ähli tekerleri hereketli Toyota GR Corolla TC hödürlendi

  • 21.10.2024 18:38
  • 9.9k+

"Toyota Gazoo Racing North America" kompaniýasy "SRO Motorsports Group America" bilen hyzmatdaşlykda täze model - Toyota GR Corolla TC-i hödürledi. Bu sportkar 2025-nji ýyldan başlap SRO TC America seriýasyna gatnaşmak üçin niýetlenen sport awtoulagy bolar diýip, Motor1 habar berýär .

GR Corolla TC-iň esasy aýratynlygy adaty merkezi diferensialy arkaly däl-de, ssepleniýa paketi arkaly yzky tekerlere güýç iberýän ähli tekeri hereketli ulgamdyr. Öň we yz oklarynda Torsen öz-özüni gulplama differensiallary oturdylan. Awtoulagda Bosch hereketlendirijisini dolandyrmagyň gaýtadan kalibrlenen ulgamy we täzeden sazlanan ABS ulgamy ulanylýar.

Podweskanyň geometriýasy esasy Corollanyňky ýaly, üýtgewsiz galýar, ýöne sport wersiýasy sazlap bolýan JRi amortizatorlaryny we kämilleşdirilen Alcon tormozlaryny aldy. Öň tarapynda alty porşenli we yzky tarapda iki porşenli supporta oturdylýar. Salonynda alty nokatly howpsuzlyk kemerli we FIA tarapyndan tassyklanan howpsuzlyk karkasly OMP susak pisint  sport oturgyçlary bar. Ruly Toyota Supra GT4-den alnan.
GR Corolla TC Honda Civic Type R we BMW M2 ýaly modeller bilen bäsleşer. Sport awtoulagynyň bahasy entek yglan edilmedi, ýöne onuň 132 000 dollar bahasy bolan Toyota GR86-dan has gymmat bolmagyna garaşylýar.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......