Amerikaly suwda ýüzüji ýedi ýyl ozalky dünýä rekordyny täzeledi

  • 21.10.2024 11:52
  • 6.4k+

Amerikaly Gretçen Uolş gysga suwda 100 m aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Wirjiniýa uniwersitetiniň Florida uniwersiteti bilen ýaryş duşuşygynda 21 ýaşly Uolş 55,98 sekunt netijäni görkezdi. Şeýlelikde, ol 2017-nji ýylyň awgust aýynda Berlindäki Dünýä kubogynda wengriýaly Katinka Hossunyň goýan rekordyny (56,51) täzeledi.

Häzirki wagtda Uolş 100 metre batterflýaý usulda (uzyn suwda) ýüzmekde-de dünýä rekordynyň eýesidir.
Ýakynda Parižde geçirilen Olimpiadada Uolş iki altyn we iki kümüş medal gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn, kümüş we bürünç medallary bar.


düýn 21:03
1.4k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....