“Formula-1-iň” ýedi gezek dünýä çempiony Şumaheriň bolidi auksiona çykaryldy

  • 21.10.2024 11:51
  • 4.4k+

Germaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Mihael Şumaheriň “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň soňky möwsümindäki bolidi auksiona çykaryldy. Bu barada The Mirror habar berýär.

Gürrüň 2006-njy ýylda döredilen Ferrari 248 F1 barada gidýär we auksionda onuň 15 mln dollara satylmagyna garaşylýar. Şumaher bu awtoulagda 2006-njy ýylda çykyş etdi we onda bäş ýaryşda ýeňiji boldy. Auksion 14-nji noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriler.
Belläp geçsek, tas 12 ýyl mundan ozal karýerasyny tamamlan 55 ýaşly Şumaher titullarynyň sany boýunça “Formula-1-iň” rekordyny britaniýaly Lýuis Hemilton bilen paýlaşýar. Olaryň her birinde ýedi çempionlyk bar. Ýeňişleriniň sany boýunça Şumaher diňe Hemiltondan (105) yza galyp, 91 ýeňiş bilen ikinji orunda ýerleşýär. Şumaher 1996-njy ýyldan 2006-njy ýyla çenli “Ferraride” çykyş edip, topar bilen bäş titul gazandy.


09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....