Türkmenistanly alpinistler Gimalaý daglarynda «Manaslu» depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler

  • 21.10.2024 08:26
  • 13k+

Türkmenistandan alpinistrler topary belentligi boýunça dünýäde sekizinji orunda durýan Gimalaý daglarynyň «Manaslu» depesine (8163 m) çykyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parlatdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu dag depesine çykyşlygy «Morinžgeologiýa» hyzmat  kärhanalar toparynyň dolandyryş toparynyň başlygynyň orunbasary Arno Ter-Sankowyň ýolbaşçylygynda Nepal tarapy ýola goýdy. Topara Latwiýanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary gatnaşdy. Daga çykmaga gatnaşanlaryň hemmesi-de ozal Ewerest (8848 m), K2 (8611 m), Akonkagua (6962 m), Ama-Dablam (6814 m), Kilimanjaro (5895 m), Ararat (5165 m), Monblan (4810 m) we Matterhorn (4478 m) ) ýaly ady belli dag depelerine çykan tejribeli alpinistlerdir. Bu depeleriň ählisinde-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylypdy.
«Dragon Oil» ýaly halkara kompaniýalar bilen bilelikde alnyp barylýan taslamalaryň çäginde «Morinžgeologiýa» «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklarynda geologik gözlegleri geçirýär. Bu maglumatlar Türkmenistanyň deňizdäki nebit-gaz baýlyklarynyň üstünlikli özleşdirilmegine goşant goşýar. Maglumatlar meýdan gözlegleriniň dowamynda elektron görnüşinde ýazylýar, ýöne koordinatlary ýokary takyklykda kesgitlemek üçin differensial GPS hemra ulgamy ulanylýar. Ýygnalan maglumatlar ygtyýarnama alan geologik maglumat we awtomatik taslama programma üpjünçiligi önümleri bilen işlenip teswirlenýär.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......