ABŞ-da Birinji jahan urşy bilen baglanyşykly zatlary saklaýan 100 ýyllyk wagt kapsulasy açyldy

  • 20.10.2024 19:57
  • 10k+

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde 1924-nji ýylda gömülip goýlan wagt kapsulasy açyldy. Ol Birinji jahan urşy we XX asyryň başyndaky durmuş barada resminamalary, artefaktlary saklapdyr diýip, CNN habar berýär.

Wagt kapsulasy 1924-nji ýylda Birinji jahan urşuna gatnaşyjylara bagyşlanan Azatlyk ýadygärligini gurmak taslamasynyň çäklerinde döredildi. Ol Milli muzeýiň taryhçylary we kuratorlar topary tarapyndan döredildi. Kapsulany goýmak dabarasyna Kanzas-Sitiniň köp sanly belli ýaşaýjylary gatnaşdy, çäräniň özi bolsa 100 müňe golaý adamy özüne çekdi.
Kapsulany açmak aňsat düşmedi, çünki ol hek daşy bilen betonyň aralygynda ýerleşýärdi. Ony almak üçin Azatlyk ýadygärlik diňiniň diwaryny burawlamaly boldy. Kapsula açylandan soň, onuň içinde gazetler, ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň göçürme nusgasy, Injil we Birinji jahan urşy bilen baglanyşykly resminamalar tapyldy. Artefaktlaryň arasynda tohumly çüýşe, soýuzdaş goşun serkerdeleriniň hatlary we 1921-nji ýyldaky Kansas City Star gazetiniň çap nusgasy aýratyn ünsi çekdi.
Şeýle-de, kapsulanyň mis daşynda birnäçe gol oýulyp çekilipdir. Muzeýiň hünärmenleri gol çekenleriň şahsyýetini takyk kesgitläp bilmediler, ýöne munuň kapsulany goýmaga gatnaşan işçilerdigi baradaky netijä geldiler.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......