80 müň ýyldan bir gezek uçup geçýän kometa Ýeriň golaýyndan geçdi (fotosuratlar)

  • 19.10.2024 22:11
  • 21k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda Szyszinşan-ATLAS ady bilen tanalýan C/2023 A3 kometasy Ýere has golaý aralyga geldi. Ol 80 müň ýyl mundan ozal eýýäm planetamyzyň deňinden uçup geçipdi. TmCars ozal kometany adaty göz bilen synlap boljakdygyny habar beripdi.

Dünýäde millionlarça adam eýýäm seýrek astronomiki hadysany - Günüň aňry ýüzüne tarap gönügen kometanyň antiguýrugynyň şaýady boldular. Dürli ýurtlardan bolan synçylar öz fotosuratlaryny internetde paýlaşýarlar diýip, Live Science habar berýär.
Kometa 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýupiter bilen Saturnyň aralygyndaka Hytaýyň Szyszinşan obserwatoriýasy tarapyndan tapyldy. Soň bolsa ol Günorta Afrikadaky ATLAS teleskopy arkaly ýazga alyndy we asman jisiminiň goşa atly bolmagyna sebäp boldy.

Astronomlaryň berýän maglumatyna görä, Szyszinşan-ATLAS Gün ulgamynyň töweregindäki Oort buludyndan uçup gelip, Günüň töwereginde gaty uzyn orbital döwür – 80 660 ýyllap aýlanýar. Bu döwürde kometa Ýere bir gezek örän golaý gelýär.
Sentýabryň ahyrynda kometa Güne iň ýakyn nokat bolan perigelisindan geçdi, 12-nji oktýabrda bolsa planetamyza 70,6 million kilometr golaý geldi - bu Ýerden Aýa çenli aralykdan 180 esse uzakda bolýar. Aralygyň ep-eslidigine garamazdan, kometa teleskop ulanmazdan, Ýeriň ýüzünden synlamak üçin ýeterlik ýagtylyga ýetdi.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...