Sotheby’s auksionynda ilkinji gezek robot-gumanoid tarapyndan çekilen surat satuwa çykarylar

  • 19.10.2024 17:04
  • 4.6k+

Robot-gumanoid tarapyndan döredilen surat ilkinji gezek Sotheby’s auksion öýi tarapyndan satuwa çykarylar. Bu barada auksionyň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Maglumatlara görä, “Emeli aňyň Hudaýy” atly surat 31-nji oktýabrda satuwa goýlar. Bu suratda belli iňlis matematigi Alan Týuringiň (1912-1954) portreti şekillendirilen.
AFP agentliginiň maglumatlaryna görä, Londonda görkeziljek iki metrlik suratyň bahasy 130 müň dollardan 196 müň dollar aralygynda bolup biler. Onuň awtory robot-suratkeş Ai-Da boldy. Robot zenan görnüşde döredilip, taryhda ilkinji programmist Ada Lawleýsiň hormatyna şeýle atlandyryldy.
Ai-Da emeli aň algoritmleriniň esasynda işleýär, onda gözüň deregine kamera, elleriň deregine bolsa bioniki protezler bar. Roboty dörediji Eýdan Milleriň aýtmagyna görä, Týuring eýýäm 1950-nji ýyllarda EA tehnologiýalarynyň ulanylmagy babatynda howatyrlanypdyr.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......