“Bawariýa” logotipini üýtgetdi

  • 18.10.2024 10:44
  • 9.1k+

Mýunheniň “Bawariýasy” klub logotipini täzeledi, has dogrusy, oňa sähel üýtgeşme girizdi. Bu barada nemes klubunyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýakynda “Bawariýanyň” sosial ulgamlardaky sahypasynda täzelenen logotip awatar hökmünde peýda boldy. Öňki logotip bilen deňeşdirilende, dizaýn şol bolşuna galdy, ýöne gyzyl we gök reňkler has ýiti boldy.
“Bawariýa” Rotterdamyň “Feýenoordynyň” göreldesine eýerdi diýsek hem bolar. Çünki, “Feýenoord” hem öz nyşanyna sähel üýtgeşme girizipdi – diňe harplaryň şrifti üýtgedi, reňkler has ýiti boldy hem-de logotipde gyzyl bilen ak reňkiň arasyny bölýän çyzyk aýryldy.
Alty oýundan soň Mýunheniň “Bawariýasy” 2024/2025 möwsüminde Bundesliganyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda 14 utuk bar. Indiki tapgyrda Wensan Kompaniniň topary “Ştutgart” bilen duşuşar. Oýun 19-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen 21:30-da Mýunhen klubunyň öý stadiony bolan “Alýans Arenada” geçiriler.


şu gün 14:35
1.9k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.3k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.6k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......