Pentakisadodekaedr şekilli kiçijek jaý görkezildi: onuň 60 grany bar

  • 17.10.2024 23:42
  • 9.4k+

Gozgalmaýan emläk dünýäsinde kiçi jaýlar ýörgünli boldy. Dodeca Domes kompaniýasy bu ýörelgä üýtgeşme girizmek kararyna geldi we özüniň özboluşly Mini Dome (“Kiçi gümmez”) taslamasyny hödürledi diýip, New Atlas habar berýär.

Bu taslamany Joşua Talberg işläp düzdi. Bakminster Fulleriň pikirlerinden ylham alan arhitektor, 60 grany bolan geodeziki gümmez – pentakisadodekaedr şekilindäki binanyň taslamasyny döretdi.
Kebşirlenen polatdan we kese goýlan agaçlardan ýasalan gurluş, paýalardan we pürslerden bolan binýatda ýerleşdirilendir. Bu jaý berkligi we termoizolýasiýasy bilen tapawutlanýar. 28 inedördül metrlik jaýyň içinde açyk görnüşli 2 gat bolup, onuň her santmetri oýlanyşykly ulanylandyr.


Mini Dome-da aşhana, ýatylýan otag we hammam birleşdirilendir. Aşhanada sowadyjy, mikrotolkunly peç, aşhana tekjeleri, kofe maşyn, rakowina we toster bar. Ýatylýan jaý üçekde ýerleşdirilendir. Jaýyň kiçiligine garamazdan, onda queen-size ölçegindäki krowat bar.
Häzirki wagtda Mini Dome Airbnb-da kärendesine almak üçin elýeterlidir. 2025-nji ýylda özbaşdak gurnalýan toplumlaryň satuwyny başlamak meýilleşdirilýär. Bir tolumyň bahasy 15 müň dollar.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......