Disney Demir adam hakda çagalar multserialyny çykarar

  • 17.10.2024 16:15
  • 2.8k+

Disney Demir adam hakyndaky çagalar animasion serialynyň üstünde işleýär. Ol “Demir adam we onuň ajaýyp dostlary” ady bilen çykar diýip, Variety neşiri habar berýär.

Önümçilikde bolan multserialda ýaş Toni Stark we onuň dostlary: Riri Uilýams (Demir ýürek) we Amadeus Ço (Halkyň özgermeleriniň biri) görkeziler. Üç gahryman şäheri we birek-biregi dürli howplardan goramak üçin bilelikde işlär.
Variety bu taslamanyň Disney bilen Marvel-iň täze nesil muşdaklary komiksleriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak boýunça has giň strategiýasynyň soňky ädimidigini belleýär.
Gahrymanlara Meýson Blomberg, Kapri Ledd we Aýdyn An ses berer. Premýera 2025-nji ýylyň tomsunda bolar. Takyk sene heniz belli däl.

şu gün 08:00
1.2k+

Polşaly bloger onkologik keselli çagalar üçin 60 million ýewro ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy

Polşaly 23 ýaşly bloger Patrik Garkowski (internetdäki ady Łatwogang) onkologik keselli çagalara kömek etmek üçin geçirilen onlaýn haýyr-sahawat çäresinde Ginnesiň rekordyny goýdy. Dokuz günläp dynuwsyz dowam......

şu gün 00:00
1k+

Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas......

düýn 22:20
2.4k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.7k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....