Aston Martin Jeýms Bonduň hormatyna DB12 kupesiniň ýörite görnüşini çykardy

  • 17.10.2024 11:33
  • 3.6k+

Jeýms Bond hakyndaky filmlere gatnaşmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli Britaniýanyň Aston Martin kompaniýasy DB12 kupesiniň aýratyn görnüşini hödürledi. Model Aston Martin DB12 Goldfinger Edition adyny aldy.

Bond hakyndaky filmlerde peýda bolan ilkinji Aston Martin 1964-nji ýylda “Goldfinger” lentasynda 007 agentine berlen sowutlanan DB5 bolupdy. Şol filmde ýörite agentiň roluny Şon Konneri ýerine ýetirdi.
Aston Martin-iň täjirçilik müdiri Marko Mattiaççiniň aýtmagyna görä, “Aston Martin bilen Jeýms Bond franşizasynyň arasyndaky gatnaşyk hemişe gymmatly bolar”.

“Biziň üçin bu hyzmatdaşlygymyzyň altmyş ýyllygyny aýratyn bir usulda bellemek we Bonduň iň birinji – megerem, iň meşhur Aston Martin-ine hormaty görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir”.

Tehniki taýdan Aston Martin DB12 Goldfinger Edition-yň adaty modelden tapawudy ýok – ol 500 kWt (680 at güýji) kuwwatly 4 litrlik M177 V8 biturbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Awtomobil 3,6 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi 325 km/sag ýetýär.
Goldfinger Edition özüniň üýtgeşik Silver Birch reňki we altyn çaýylan bezeg elementleri bilen tapawutlanýar. Awtomobilden başga-da, onuň eýelerine toplumda birnäçe üýtgeşik sowgat berler. Mysal üçin, olaryň arasynda “Goldfingerden” Furka geçelgesindäki kowgy epizody bilen 35 millimetrlik plýonkadan bölek bar.
Şeýle awtomobilden jemi 60 birlik çykarylar.

düýn 10:58
2.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......