adidas Jud Bellingemiň hususy logotipi bilen eksklýuziw Predator butsularyny hödürledi

  • 17.10.2024 11:17
  • 6.4k+

Sport harytlaryny öndürmekde dünýä belli adidas kompaniýasy Angliýanyň we Madridiň "Realynyň" futbolçysy Bellingem üçin ýörite işlenip taýýarlanan meşhur Predator modelinden eksklýuziw butsulary hödürledi. Bu barda Versus neşiri ýazýar.  

Butsular sary-gara reňkde ýerine ýetirilen bolup, olarda adidas-yň meşhur zolakly logotipinden başga-da, Bellingemiň şu ýylyň maýynda döredilen hususy brendiniň «JB» logotipi bar.
Butsularyň aşagy hem altynsow öwüşginde ýerine ýetirilipdir. Bu hem meýdançada olara aýratyn görnüş berýär.


Bellenilişi ýaly, hut şu reňkleriň saýlanyp alynmagy iňlis oýunçysynyň Madriddäki şowly düşen ilkinji möwsüminden ruhlanypdyr.
adidas butsular bilen birlikde gara-altynsow reňk äheňlerinde taýýarlanan futbolkalary, şortylary, sport eginbaşlaryny we beýleki eşikleri çykardy.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......