Ngannu bilen Ferreýra PFL-iň 5 kg altyn saklaýan täze çempionlyk guşagy ugrunda söweşer

  • 16.10.2024 18:27
  • 10k+

Professional Fighters League (PFL) guramasy Super Fight seriýasyna girýän söweşleriň ýeňijilerine beriljek täze çempionlyk guşagyny hödürledi.

Guşagyň esasy plastinasynda PFL söweşleriniň geçýän kletkasynyň formasyna laýyk gelýän onburçlugyň şekili bar. Gapdallarynda her agram derejesini görkezýän plastina ýerleşdirilen. Ähli plastinalar altyndan ýasalyp, olaryň umumy agramy 12,5 funta (5,66 kg) barabar.
Şeýle çempionlyk guşaklarynyň ilkinji eýeleri eýýäm şu hepde belli bolar: 19-njy oktýabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda “Titanlaryň söweşi” (Battle of the Giants) ýaryşy geçirilip, onuň çäklerinde superçempion tituly ugrunda UFC-niň öňki çempiony Frensis Ngannu bilen 2023-nji ýylda agyr agramly söweşijileriň Gran-prisiniň we PFL/Bellator çempionlaryny birleşdiriji söweşiň ýeňijisi Renan Ferreýra söweşer.  
Agşamyň ýene bir esasy wakasy ýarym ýeňil agramyň güýçli zenan wekilleri Kris Saýborg bilen Larissa Paçekonyň arasyndaky söweş bolar.
PFL Super Fights ýaryşy Aşgabat wagty bilen 22:30-da başlar. Esasy söweşleriň başlanmagy 01:00-a meýilleşdirilýär. Söweşler DAZN we ESPN+ onlaýn platformalarynda göni ýaýlymda elýeterli bolar.


18.06.2026 22:41
7.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
13k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......